BIZNES

Telekeçileriň, hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriň dykgatyna!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) hususy kompaniýalary Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar etraplarynda 6 sany gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrýar.

Desgalaryň sanawyna her biri 300 orunlyk dabaralaryň geçirilmegi üçin niýetlenen iki restoran, 50 inedördül metr meýdany bolan azyk harytlary dükany, 1000 inedördül metr meýdanly hyzmatlar öýi, söwda merkezi, şeýle hem Serdar etrabynda “Altyn Asyr” emeli kölüniň çäginde bir gatly dükän girýar.

Agzalan binalary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlarynyň çäginde gurmak meýilleşdirilýär.

Jikme-jiklikleri TSTB-iň Balkan welaýatyndaky bölüminde 8 (222) 2-10-77, 2-20-77 telefon arkaly anyklap bilersiňiz.

BMG-niň hemişelik utgaşdyryjy hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy

 

Хотите провести приятно время? Заходите https://dosug27.nl/ по ссылке

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder