BIZNES

Telekeçilere goldaw we zerur azyk harytlary üçin 300 mln dollar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen 300 million dollar bölüp bermek baradaky resminamalara gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollar, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdeleriniň bölünip berilýändigini belledi.

Şeýle hem ýurdumyzda guş eti we ýumurta önümçiliginiň gerimini giňeltmek boýunça hem degişli resminamalar kabul edildi. Bu babatda iýmlik bugdaýy, mekgejöweni we soýany ösdürip ýetişdirmek hem-de bu ekinleri ýetişdirmäge isleg bildirýän taraplara goşmaça ýer böleklerini bermek göz öňünde tutuldy.

 

Türkmenistanda oba hojalyk boýunça täze wise-premýer bellendi

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär