BIZNES

Telekeçilere “eBay hаb” arkaly eksport mümkinçiligi

ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) bilen Halkara Söwda merkezi (ITC) Merkezi Aziýa boýunça “eBay Hab” (beta görnüşi) boýunça maksatnama başladýar we ilkinji gatnaşyjylary saýlap almagy ýola goýýar.

Bu telekeçileriň işleri üçin örän gowy mümkinçilikdir. Bu maksatnama esasynda halkara derejesinde harytlary eksport etmek mümkinçiligi döreýär.

Muňa mysal hökmünde:

Moda: etniki motiwde döwrebap zatlar, el işleri, pagtadan we ýüpekden tikilen eşikler.

Kolleksiýa harytlary: suratlar, iri döwürlere degişli zatlar (sagat, oýunjak), şaýy pullar.

Saglyk we gözellik: ýerli önümçilikdäki kosmetika önümleri, ýag, saçlary ideg etmek üçin serişdeler.

Munuň üçin “PayPal” akkauntyňyz bolar  ýa-da gysga wagtda ony açmak mümkinçiligine eýe bolarsyňyz.

Onlaýn söwda tejribesine eýe bolarsyňyz. “eBay” ulgamy arkaly söwdanyň uly bölegi ABŞ-da we ÝB-de ýerleşýär.

3 aýyň dowamynda hepdede 4 sagat “eBay” ulgamy babatda halkara bilermenler bilen işlemek mümkinçiligine eýe bolarsyňyz.

Iňlis dilini bilmeli we sanly ulgam başarnyklaryna eýe bolmaly.

Bu maksatnama esasynda bilermeniň ýolbaşçylygynda “eBay”-da dükan açmak bolar.

Siziň dükanyňyzy “eBay Hab” Merkezi Aziýa ulgamyna birikdirmek bolar. 2020-nji ýylda “eBay” ulgamy arkaly satyn alyjylaryň möçberi tutuş dünýäde 185 milliona deň bolup, olaryň esasy bölegi ABŞ-da we ÝB-dedir.

“eBay” ulgamynda 6 aý mugt dükan alyp barmak.

100 sany harydyň sanawy mugt.

Has köp maglumat üçin şu ýere basyň.

Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!

USAID-iň onlaýn okuw maslahaty

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň uglewodorod känlerini özleşdirmek taslamalaryna gatnaşmaga taýýar**

«Türkmennebit» Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

“Türkmengaz” döwlet konserni halkara duşuşyklaryny geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda tebigy gazyň eksport ugry barha ýokarlanýar

Milli manadymyza bagyşlanan forum geçiriler

Türkmenistan bilen Russiýa gümrük amallaryny ýönekeýleşdirilmek boýunça ylalaşyga gol çekdi