BIZNES

Telekeçiler mekdebi: “Sanly marketing we sanly mahabat” ugrunda sapak berýär

“Telekeçiler mekdebi” JBK-sy Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat bölümlerinde “Sanly marketing we sanly mahabat” meýilnamasy boýunça täze okuwy guraýar. Bu okuwyň diňleýjileri ösen tehnologiýalaryň üsti bilen netijeli işewürligi ösdürmek we täze müşderileri çekmek üçin bilim alarlar. Bu okuw sanly marketing we sanly mahabat pudagynda täze bilim almak isleýänler üçin niýetlenendir.

Okuw halkara derejeli, ýokary hünärli mugallymlar tarapyndan alnyp barlar. Okuwyň netijesinde, diňleýjiler sanly marketingiň täsirli strategiýalaryny döredip, durmuşa geçirip we sanly mahabatyň mazmunyny ösdürip bilerler.

Okuwy üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnamalar berler.

Hasaba almak we goşmaça maglumatlar üçin şu belgilere jaň edip bilersiňiz:

Balkanabat: 8 00 222 2 07 23, +993 63 46 09 07

Daşoguz: 8 00 322 2 50 72, +993 64 77 93 88

Türkmenabat: 8 00 422 4 78 50, +993 65 21 65 41

Mary: 8 00 522 7 36 76, +993 65 30 90 30

Işde üstünlik gazanmak üçin “Telekeçiler mekdebi” JBK-synda başlanýan “Sanly marketing we sanly mahabat” okuwyna gatnaşmak mümkinçiligiňizi eliňizden bermän!

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy