SPORT

Tejribeli rus hokkeýçi Danis Zaripow Türkmenistanda tejribesini paýlaşdy

Russiýanyň hokkeý ýygyndysynyň hatarynda dünýäniň üç gezek çempiony bolan, Kazan şäheriniň «Ak Bars» hokkeý toparynyň hüjümçisi Danis Zaripow Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysynyň türgenleşiklerine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Özi hem ol türkmen paýtagtyna ýeke däl-de, «Ak Barsyň» ýaşlar düzüminiň tälimçisi we 10 sany oýunçysy bilen bile geldi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Aşgabat şäherine gelen kazanly myhmanlar Türkmenistanyň ýygyndysy bilen eýýäm ilkinji türgenleşiklerini geçirdiler.

Wekiliýetiň düzüminde tejribeli tälimçi Artýom Anisimow hem bar. Onuň tälimçilere derwezeçileri, goragçylary we hüjümçileri türgenleşdirmek babatda ýardam bermekde baý tejribesi bar. Şu günler türkmen hokkeýçileri tejribeli tälimçiden we rus hokkeýiniň ady rowaýata öwrülen wekilinden köp zatlary öwrenýärler.

Myhmanlar Türkmenistanyň milli ýygyndysyna şu aýyň 17 — 23-i aralygynda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň duşuşyklaryna ýokary derejede taýýarlanmakda ýardam berýärler. Günorta Afrika Respublikasynda geçiriljek ýaryşda ildeşlerimiz degişli ýurtlaryň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar.

Milli ýygyndymyzyň ilkinji duşuşygynyň 17-nji aprelde ýerli hokkeýçiler bilen geçirilmegine garaşylýar. Şol günüň ertesi bolsa Baýram Allaýarowyň şägirtleri Lýuksemburgyň ýygyndysy bilen buzly meýdançada güýç synanyşarlar.

Duşuşyklaryň ählisi Keýptaun şäherinde 2000-nji ýylyň dekabr aýynda açylyp ulanylmaga berlen «Buzly stansiýa» sport toplumynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy