BIZNES

Tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawody gurmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Tatsuýa Watanabe bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we özara gatnaşyklaryň netijelligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bellenildi.

Bu nukdaýnazardan, taraplar «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň arasynda tebigy gazdan benzin öndürmek üçin ikinji zawody gurmak baradaky gepleşikleriň netijelerini kanagatlanma bilen bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler