2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň erkin döredijilik mekanynda “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan eden “Tebigaty söýmek – Watany söýmek” atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlarymyz, ýazyjydyr şahyrlar, žurnalistler, talyp ýaşlar türkmen tebigatyny wasp edýän goşgularydyr hekaýalary bilen gatnaşdylar.
Proza boýunça bäsleşigiň II oruna mynasyp bolan Türkmenistanyň Yebigaty Goramak Jemgyýetiniň “Türkmen sährasy” döredijilik toparynyň hünärmeni dessançy bagşy Akmyrat Rejepew mynasyp boldy. Biz bu barada bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly üçin söhbetdeş bolduk.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üstümizdäki tamamlanyp barýan ýyly ajaýyp zähmet üstünliklerine dahylly bolmak biziň üçin mertebedir, buýsançdyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen “Edebiýat we sungat” gazetiniň redäksiýasynyň bilelikde geçiren “Tebigaty söýmek – Watany söýmek” atly döredijilik bäsleşigine gözel tebigatymyza bagyşlanan goşgularym bilen köňli gülli, eli galamly, dili kelamly ildeşlerimiziň arasyndan II oruna mynasyp boldum.