MEDENIÝET

Teatrlardan Täze ýyl baýramçylyk sowgatlary

Iň ajaýyp baýramlaryň biri bolan Täze ýyl hem ýetip gelýär. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň teatrlarynyň sahna ussatlary-da öz döredijilik sowgatlary bilen ildeşlerimizi begendirýärler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminden berlen habara salgylanyp, şol günlerde tomaşa jaýlarynda görkeziljek sahna eserleri baradaky maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk sahna oýunlary hem-de gülküli dynç alyş agşamlary 30-njy dekabrdan 10-njy ýanwara çenli her gün tomaşaçylara hödürlener.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Gelin gelýär», «Wah, siz, aýallar!», «Ependi we onuň goňşulary», «Gelinler», «Giýewleriň bäsleşigi», «Hindi rowaýaty» atly sahna oýunlary, «Şadyýan wäşiler» atly aýdym-sazly, degişmeli tomaşalar teatr muşdaklaryna baýramçylyk sowgady bolar.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry «Gezekli çemçe», «Şadyýan sazandalar», «Mähriban dideler», «Yşk mekany Hindistan», «Sakarja geçi», «Aç möjek», «Täze ýyl şowhuny» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen teatr muşdaklaryny begendirer. Şol günlerde teatryň ussat ýazyjy hem dramaturg T.Repbimowyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän «Lukman gelin» atly degişmeli sahna oýny tomaşaçylara şatlyk paýlar.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň belli aýdymçy artistleri, wokal sungatynyň ussatlary zähmet çekýär. Baýramçylyk günlerinde bu teatr «Esen şohuň aýdymy», «Durmuş diňe düýş däl», «Demir aýal», «Gopbam towşanjyk», «Jadyly söz», «Bir aždarha bar eken» atly sahna oýunlary, «Hoş geldiň, Täze ýyl, türkmen ilime!» atly aýdym-sazly, degişmeli tomaşalar bilen bagtyýar watandaşlarymyza ruhy lezzet berer.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Täze ýylyň şanyna «Baba Ýaganyň sapalagy», «Bu erkin kebelekler» atly sahna oýunlary hem-de «Täze ýylyňyz bilen!» atly baýramçylyk tomaşalary bilen öz muşdaklaryny begendirer. Şol günlerde «Ýartygulak», «Aladdin», «Çagaly öý bazar», «Jüýteniň toýy», «Şadyýan şüweleň» atly sahna oýunlary, «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar!» atly aýdym-sazly tomaşalar körpelere hödürlener.

Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr we kino artisti bölüminde okaýan talyplaryň hem-de höwesjeň ýaşlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk oýunlarydyr tomaşalary taýýarlanylýar. Täze ýyl mynasybetli bu teatr «Myhmanhanada» atly sahna oýny, «Täze ýyl degişmeleri» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalary bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň teatrlarynda-da muşdaklaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boljak gyzykly sahna oýunlary, degişmeli baýramçylyk tomaşalary görkeziler. Ildeşlerimiz Türkmenistanyň Döwlet sirkinde, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde gujurly ýigitleriň ýerine ýetirmeginde at üstündäki milli oýunlaryň joşgunly tomaşalaryny görüp bilerler.

Ýene-de okaň

Magtymgulyşynaslar üçin möhüm gollanma

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi