BILIM

TDU-da himiýa boýunça halkara internet olimpiadasy geçirilýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa boýunça halkara internet olimpiadasy öz işine başlady. Bu olimpiada 14 — 17-nji noýabr aralygynda geçirilýär.

Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň talyplary gatnaşýarlar. Has takygy, oňa gatnaşyjylar hökmünde Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň 66-syndan 230 talyp hem-de Türkmenistanyň 14 sany ýokary okuw mekdebinden 94 talyp hasaba alyndy.

Himiýa boýunça halkara internet olimpiadasyna halkara standartlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professorlary eminlik edýärler.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Ata Watan Eserleri