BILIM

TDU bilen Kalmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Kalmyk döwlet uniwersitetiniň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji E.Mantaýewa iki döwletiň Baştutanlarynyň alyp barýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň esasynda häzirki wagtda rus-türkmen gatnaşyklary ählitaraplaýyn belent derejelere ýetendigini belläp geçdi. Ol Kalmyk döwlet uniwersitetiniň taryhy we şu güni barada gürrüň berdi.

Kalmyk döwlet uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlyk, hünär we goşmaça bilim boýunça prorektory O.Koniýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen wekilçilik edýän ýokary okuw mekdebiniň hyzmatdaşlyk etmek hakynda belläp, ol ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim maksatnamalar toruny, iki diplom maksatnamasyny, professor-mugallymlaryň we talyplaryň akademiki maksatnamasyny, dürli hünär dersleri boýunça modul çarçuwasynda leksiýalary okamak üçin daşary ýurtly mugallymlary çekmek, şeýle-de beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda başga-da birnäçe çykyşlar bolup, bilim-ylym babatdaky meseleler boýunça pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary