DÜNÝÄ

TDG-niň sammiti: gazanylan ylalaşyklar we täze baş sekretar

Şu gün  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçýän mejlisine gatnaşdy.

Bu sammite  Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de gurama synçy hökmünde gatnaşýan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, şeýle-de ýokary derejeli duşuşyga Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew we bu köptaraplaýyn düzümiň beýleki ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

GURAMA TÄZE BAŞ SEKRETAR BELLENDI

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirlen sammitinde gurama täze baş sekretar bellenildi. Oňa Gyrgyz Respublikasyndan Kubanyçbek Omuraliýew saýlandy. Mundan ozal, bu wezipäni Bagdad Amreýew alyp bardy.

MÖHÜM RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI

Şeýle hem sammitiň netijeleri boýunça birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.

  1. Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň jarnamasy;
  2. Türki Döwletleriň Guramasynyň 2022-2026-njy ýyllar üçin strategiýasyna
  3. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky Nahiçewan ylalaşygyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky ähtnama;
  4. Türki Döwletleriň Guramasyna agzalyga kabul etmegiň düzgünleri boýuna çözgüt;
  5. Guramanyň Baş sekretaryny we onuň orunbasarlaryny, şeýle hem Türki akademiýasynyň wise-prezidentini bellemek hakynda çözgüt;
  6. Türki döwletleriň maýa goýum gaznasyny döretmek hakyndaky çözgüde gol çekildi.

Şeýle hem Türki Döwletleriniň Guramasynyň ulaglara garaşlylygy maksatnamasy we ýönekeý gümrük geçelgelerini döretmek, söwda strategiýasy barada möhüm şertnamalara gol çekildi.

Mundan başga-da, her ýyl Halkara türki döwletleriň ykdysayd forumyny guramak barada ylalaşyldy.

Ýene-de okaň

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy