Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnalynyň birinji sany çapdan çykdy. Täze žurnal Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy tarapyndan esaslandyryldy. Bu neşir türkmen alabaýlaryny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge hem-de okyjylary şu ýyl döredilen we dünýäniň dürli ýurtlaryndan kinologlary öz hataryna birleşdiren assosiasiýanyň işi bilen tanyşdyrmaga ýardam etmelidir.
Şeýle bolsa-da, ýöriteleşdirilen žurnal diňe bir kinologik häsiýete eýe bolman, eýsem, medeniýeti öwrenmäge hem kömek eder. Çünki onuň wezipesi türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde alabaý itlerini aýawly saklamaga we ösdürmäge ýardam etmekden ybaratdyr.
Žurnal Türkmen Lideriniň goşgusy bilen açylýar
Täze neşiriň birinji sany milli Liderimiziň türkmen alabaýyna bagyşlanan goşgusy bilen açylýar. Žurnal Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işgärleriniň adyndan giriş makalasy bilen dowam etdirilýär. Onda bu ulgama berýän ünsi we goldawy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. Onda köpýyllyk barlaglar, oýlanmalar, tutuş dünýäde giňden ýaýran bu gadymy tohumyň gelip çykyşy barada taryhy we edebi maglumatlar umumylaşdyrylýar.
Žurnal öz sahypalarynda “Türkmen alabaýy”kitabyndan jümleleri getirýär. Indiki makalada bolsa şol eseriň ruhy ähmiýeti babatdaky seljerme berilýär.
“Türkmeniň nusgalyk alabaýy” žurnaly hem bu giň gerimli işe saldamly goşant bolar. Onuň sahypalaryndan okyjylar baş gahryman, alabaýyň milletiň ykbalynda, halk döredijiliginde, edebiýatda, türkmenleriň filosofiýasynda eýeleýän orny barada gyzykly maglumatlary alyp bilerler.Neşir köpöwüşginli suratlar bilen bezelipdir.
Türkmen alabaýyny ýetişdirmegiň halk tejribesi
Žurnalhut itşynaslyk boýunça nazaryýet we amaly bölümleri birleşdirýär. Mysal üçin, žurnalyň birinji sanynda “Türkmen alabaýyny ýetişdirmegiň halk tejribesi” atly giňişleýin makala berilýär. Onda geljekki goragçylar we kömekçiler hökmünde itleri terbiýelemek, taýýarlamak hem-de türgenleşdirmek bilen baglanyşykly däpleriň köpüsi barada gürrüň berilýär.
Idegi ýetirilen türkmen alabaýy birnäçe möjegiň hötdesinden gelmegi başarypdyr. Türkmen alabaýy ýyrtyjylaryň sürüsi bilen söweşende hem ýeňiş gazanmaga ukyplydyr. Türkmen itşynaslary tarapyndan ýetişdirilen çopan itleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolanlary hem bar.
Türkmen alabaýynyň arheologiýa we etnografiýa mirasy
Žurnalyň nobatdaky makalasy “Türkmen alabaýynyň arheologiýa we etnografiýa mirasy” diýlip atlandyrylýar. Onda Türkmenistanyň çäginden tapylan hem-de itiň bu tohumynyň gadymylygyna şaýatlyk edýän täsin tapyndylar we gadymy gymmatlyklar hem-de ata-babalarymyzyň alabaýa aýratyn garaýşy barada gürrüň berilýär.
Biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV müňýyllyklarda gülläp ösen Änewiň çäginde ähli dessurlar berjaý edilip jaýlanan äpet türkmen alabaýynyň galyndylary tapyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda belleýşi ýaly, itler bilen baglanyşykly arheologiki tapyndylar Bürünç eýýamynyň Altyndepe, Goňurdepe, Ajyguýy ýaly ýadygärliklerinde ýüze çykaryldy.
“Gadymy Merw” medeni-taryhy ýadygärlikler toplumynyň merkezinde ýerleşen Gäwürgala ýadygärliginde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, biziň eýýamymyzyň II asyryna degişli çopan itiniň heýkeljigi tapyldy. Türkmen alabaýynyň laýdan ýasalan, biziň eýýamymyzyň VI-VII asyrlaryna degişli ýene-de bir heýkeljigi Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän Araphana ýadygärliginde ýüze çykaryldy.
Gadymy Nusaý ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan rutonlarda aw pursady şekillendirilen şekiller hem meşhurdyr. Şolary akademik M.Ý.Masson ýüze çykardy we ylym dünýäsine ýaýratdy. Akademik öz ylmy işlerinde bu jandaryň ýolbarsyňky ýaly uly penjeleri, dik göwresiniň onuň türkmen alabaýydygyna şaýatlyk edýändigini belleýär.
Žurnalda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işiniň kanunçylyk üpjünçiligi we ylmy-usulyýet esaslary barada-da gürrüň berilýär. Bu işiň esasy maksady milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däpleriniň dowamatlylygyny üpjün etmekden, halk tohumçylygynyň usullaryny hem-de häzirki zaman ylmyň gazananlaryny ulanmak arkaly onuň iň gymmatly häsiýetlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk
Şunuň bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlara möhüm orun degişlidir. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni meseleler boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) we beýleki abraýly iri guramalar, şol sanda bu ugurda netijeli işleri alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary hem-de ýuridik şahslar we dünýäniň dürli döwletlerinden hususy itşynaslar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýola goýlar.
Geljekde ýurdumyzda maslahatlary, sergileri, türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşiklerini we beýleki hakara çäreleri hem-de ylmy işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär.
Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlarynyň muşdaklarynyň sany barha artýar. Bu ägirt uly gyzyklanmany nazara almak bilen, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy we onuň neşir edýän ýöriteleşdirilen žurnaly itleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça hünärmenleri birleşdirmäge, alymlary hem-de muşdaklary meşhur alabaýyň taryhy watanynda jemlemäge ýardam eder.
ABŞ-da talyp hakly bilim: Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy
Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy
Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.
Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.