SIZDEN GELENLER

Täze ýylyň şat toýy

Geçen hepdäniň penşenbe güni agşamara ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk arçalarynyň yşyklary ýakyldy. Täze ýyl baýramy golaýlaşdygyça, ynsan göwni telwaslanyp, süýji arzuw-hyýallara beslenýär. Ähli ünji-aladany köne ýylda galdyryp, täze ýyla täze arzuwlar, ýagşy niýetler bilen gadam basmak asylly däbe öwrülip, asyrlarboýy dowam edip gelýär.

Ösüş-özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilkinji gezek bellenilýän Täze ýyl baýramy häzirden şatlyk-şowhuna beslenýär. Şu günlerden alnyp barylýan taýýarlyk işleri asman boýlaýan Täze ýyl arçalarynyň, şeýle-de ýanýodalardaky, seýilgählerdäki arçalaryň bezeginde, söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýän dürli görnüşli sowgatlarda, aýdymçylaryň taýýarlaýan şowhunly çykyşlarynda, körpejelerimiziň dillerinde sena bolan goşgularda has aýdyň görünýär.

Bosaga gelen ýyl müçe senenamasy boýunça — towşan ýyly. Hemmeler Täze ýylyň şatlygynyň bosagasynda dur. Toý-baýramlaryň mekany hasaplanylýan gözel Diýarymyzda Täze ýylyň toý döwresi hem muny dolulygy bilen tassyklaýar. Ýokary guramaçylyga, baý many-mazmuna beslenýän dabaralar, joşgunly çäreler, ajaýyp bezegler bizi şeýle pursatlaryň dowamyna, baýramçylyk ruhuna atarýar.

Oňa jebislik, agzybirlik, millilik hem mahsus bolup, bitewülik binýadymyzy barha berkidýär. Bir supra jem bolan il-günümiziň döwletli ýyllary şatlykdan, begençden, buýsançdan doly kalplar bilen garşylamagynyň uly manysy bar. Ol döwletimiziň berkararlygynyň, başymyzda Arkadagly Serdarymyzyň bardygy, gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň parasadynyň durandygy bilen baglydyr. Şeýle sazlaşygyň, ajaýyp baglanyşygyň bolan ýerinde bolsa, ýyllarymyzyň bereketli geljekdigine berk ynanmaga haklydyrys.

Şu günler Täze ýylyň öňüsyrasynda söw­da no­kat­la­ryn­da gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýän söw­da­da, ha­ryt bol­çu­ly­gyn­da aý­dyň gör­ýä­ris. Şol ha­ryt­lar ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­lip, ýo­ka­ry hi­li bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­na ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri öz­le­ri­niň zäh­met sow­gat­la­ry bi­len bar­ýar­lar. Bu ugur­da kon­di­ter önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na­la­ra aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir.

Tä­ze ýyl uly­nyň-ki­çi­niň sö­ýüp gar­şy al­ýan baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň bi­ri. Äh­li maş­ga­la ag­za­la­ry bir sa­ça­gyň ba­şy­na jem bo­lup, Tä­ze ýy­ly tä­ze ar­zuw­dyr umyt­lar bi­len gar­şy­la­ýar. Şo­nuň üçin şu gün­ler­den Tä­ze ýy­la taý­ýar­lyk do­wam ed­ýär.

Mun­dan baş­ga-da ar­ça­lar, dür­li reňk­li yşyk­lan­dy­ryş çy­ra­la­ry, Tä­ze — 2023-nji ýy­lyň ny­şa­ny bo­lan heý­kel­jik­ler köp is­leg bil­di­ril­ýän ha­ryt­la­r. Şeý­le-de, harytlara isleg bil­dir­ýän aly­jy yk­jam el te­le­fo­nyn­dan ýö­ri­te prog­ram­ma­dan peý­da­la­nyp, söw­da no­kat­la­ryn­dan önüm­le­riň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni sar­gap alyp bil­ýär. Bu bol­sa, tiz wagt­da ge­ti­rip ber­mek hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ýan aly­jy­la­ra dö­re­di­len ýe­ňil­lik bo­lup dur­ýar.

Ha­wa, gö­zel paý­tag­ty­myz Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň keş­bi­ne gir­di. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Leýli Tekäýewa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün