BILIM

Täze ýylda mekdep okuwçylaryna kompýuter sowgat ediler

Ýurdumyzyň “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy 1-nji synp okuwçylary üçin tehniki häsiýetleri boýunça dünýä ölçeglerine gabat gelýän kompýuterleri öndürdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde habar berildi.

Täze kompýuterlerde bar bolan programmalar türkmen, rus we iňlis dillerinde birnäçe okuw maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi okuw sapaklaryny sanlylaşdyrmak işine kärhananyň goşandy bolup durýar.

Milli Liderimiz kompýuter önümçiligi ýaly ýurdumyz üçin täze pudagyň döredilmeginiň Türkmenistanda sanlylaşdyrmak ulgamyny işjeňleşdirmekde we ykdysadyýetimiziň maglumat tehnologiýalaryna bolan islegini kanagatlandyrmakda aýratyn möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň elektron senagatyny ösdürmäge döwrebap derejede çemeleşmegini işi guramagyň möhüm wezipeleriniň biridigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz  wise-premýer M.Geldinyýazowa ýüzlenip, 1-nji synp okuwçylaryna täze kompýuterleri Täze ýyl sowgady hökmünde dabaraly ýagdaýda gowşurmagy guramagy tabşyrdy.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar

Bilim edaralaryna döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnamalar gowşuryldy

Türkmen küştçisi Mähri Agamuradowa Aktobedäki ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

Ylmy bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň 170-si sylaglandy

Amerikada mugt okuw : “Hýubert Hamfri adyndaky talyp haky”

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň alymlaryna ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty derejeleri berildi