PEÝDALY MASLAHATSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze ýyl gijesi: awtobuslar 02:00, taksiler gije-gündiz hereket eder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan berlen maglumata görä, Täze ýyl baýramy mynasybetli awtobuslar sagat 02:00-a, taksiler bolsa gije-gündiz hereket eder. Bu barada agentligiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýerleşdirilen bildirişde şeýle diýilýär:

Hormatly ildeşler!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň has-da ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär. Şu mynasybetli agentlik jemgyýetçilik awtobuslarynyň Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi, şeýle-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça  2022-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 02:00-a çenli hyzmat eder.

Mundan başga-da, ýeňil taksi awtoulaglary gije-gündiziň dowamynda size hyzmat eder. Awtoulag hyzmatlary boýunça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda aşakdaky telefon belgiler boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheri boýunça – awtobus hyzmatlary üçin (+99312) 44-33-91, 44-33-90 we taksi hyzmatlary üçin 76-05-01; 76-05-02; 76-05-03;

Mary şäheri boýunça – (+993522) 7-96-22, 5-65-75, 5-60-12;

Türkmenabat şäheri boýunça – (+993422) 6-29-01, 6-34-37;

Daşoguz şäheri boýunça – (+993322) 6-62-87, 6-07-04;

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg