BIZNES

Täze VISA kart ulanyşa girizildi : “Milli VISA”

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky  Size täze “Milli VISA karty” atly bank kartyny hödürleýär!  “VISA“ halkara töleg ulgamy bilen utgaşdyrylan bank karty.  Bankyň web saýtyna ýerleşdirilen habara görä, Bank nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen “Milli VISA karty” atly täze bank kartyny ulanyşa girizildi.

Bu bank önüminiň ulanyşa girizilmegi bankyň milli töleg ulgamyny döwrebap halkara ulgama birikdirmekde giň ýol açjak  mümkinçilikleriň biri bolar. Şeýle hem, milli töleg ulgamynyň dünýä belli ygtybarly ulgam bilen birikdirilmegine hem-de howpsuz we döwrebap töleg amallaryny halkara ülňülerine laýyklykda geçirmäge mümkinçilik berer. Bu täze bank kartyna ornaşdyrylan halkara çipi arkaly amallaryň has-da ygtybarlygyny gazanmak, tölegleriň çalt geçýän galtaşyksyz tölegleri amala aşyrmak hem-de elektron söwda modulynyň üsti bilen internet arkaly söwda etmek mümkinçiliklerini berýär.

Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky

Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly 32,

Tel.: 40-64-27 / 40-64-28 / 40-64-29 / 40-64-30 / 40-64-31

(09:00-18-00)

40-60-08 (gije-gündiz)

E-mail: tveb@online.tm

www.tfeb.gov.tm

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder