Halkymyzyň bagtyýarlygy üçin uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, döwletimiziň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde bu amala aşyrylýan dünýä nusgalyk beýik işler bilen döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynda eýelenýän belent sepgitler gözel ülkämiziň ykdysady kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär. Halkymyzyň abadan, asuda, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Nurana geljegi nazarlaýan häzirki ajaýyp döwrümizde Halk Maslahatynyň esasy maksady we wezipesi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatynyň hukuklaryna aýratyn hormat goýmak bilen, jemgyýetimizde halkymyzyň tekliplerini diňläp, öňde goýlan belent maksatlara ýetmek ugrunda netijeli işleri bilelikde durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty asyrlaryň dowamynda şöhratly taryhymyzda beýik işleri bitiren merdana ata-babalarymyzyň agzybirligi, bir döwletde jem bolup, bir supranyň başyna üýşüp, tutumly işleriň başyny başlamak babatyndaky milli ýörelgeleriniň dowamatydyr. Şeýle ynsanperwer, asylly ýörelgeleriň biziň häzirki günlerimizde dowam etdirilmegi döwletlilikden, döwletiň berkararlygyndan, jemgyýetiň jebisliginden nyşandyr.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda milli ykdysadyýetde ýokary ösüş gazanyldy. Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiň depgini barha artýar, halkyň durmuş derejesi we hili yzygiderli gowulaşýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde, şu ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň görlen köptaraplaýyn çäreler netijesinde, agzalan döwürde 6,3 göterim bolandygy bellenildi. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümleriň, bölek we daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri, şeýle hem ähli maliýeleşdiriş çeşmelerinden özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary artdy.
Halk Maslahatynyň öňümizdäki sentýabrda boljak mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek üçin meýilleşdirilen täze maksatlar hem uzak möhletli wezipeler, şübhesiz, ýurdumyzyň tutuş ilaty üçin eşretli durmuşda ýaşamaga, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmäge gönükdirilen çäreleriň dowamy bolar.
Bu gün ýaşulularyň paýhasly maslahaty bilen üstünlikli ýolbaşçylyk edilýän we jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolan Halk Maslahatynyň iň möhüm kararlaryny hem maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Türkmenistan, anyk kadalara we maksatlara aýdyň düşünmäge esaslanýan köptaraplaýyn giňişleýin daşary syýasaty alyp barýar.
Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berendigini aýtdy.
Şeýle hem Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wajyp wezipeleriň we beýleki meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belläp, şu ýylyň sentýabrynda ähli halkymyz bilen bilelikde mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigine mejlise gatnaşýanlaryň ünsüni çekdi. Şonuň ýaly-da, mejlisde degişli resminamalar kabul edildi. Türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şanly wakalara barýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, möhüm meseleleri il-gün bilen maslahatlaşmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridigini belledi. Häzirki taryhy döwürde bu däpleriň döwletimiziň ösüşiniň esasyna, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigini nygtady. Bu mejlisde Milli Liderimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri geçen döwürde ähli tagallalarymyzyň, gujur-gaýratymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz çykyşynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi we degişli resminamalara gol çekdi.
Häzirki wagtda etrabymyzda şanly ýylymyzyň taryhy wakalaryna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu möhüm işe syýasy partiýalaryň etrap komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Wagyz-nesihat çäreleriniň talaba laýyk geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary edýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy bedew batly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, ata-baba gelýän asylly ýörelgelere çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-günümiziň bähbidine gönükdirilen döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Muhammetselim Mommadow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.