MEDENIÝET

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Dünýä halklarynyň arasynda Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde iň gadymy medeniýetiň dörän we ösen ýeri hökmünde tanalýar. Müňýyllyklaryň dowamynda tebigy gözelligi bilen adamzady özüne bendi eden ýurdumyzyň çäklerinde ata-babalarymyz gaýtalanmajak nusgalara eýe bolan medeniýeti, sungaty miras goýup gidipdirler.

Türkmen alymlary tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklar bilen Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň ozalky täsin tapyndylarynyň üsti ýetirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi hem-de onuň garamagyndaky “Nusaý”, “Abiwerd” we “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanalary tarapyndan dürli görnüşli 300-den gowrak taryhy gymmatlyklar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Arkadag şäheriniň muzeýine tabşyryldy.

Dabaraly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergi hem gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikleriň fotosuratlary, binanyň bezeg bölekleri görkezilip, olar täsinligi, daşky görnüşi, ölçegleriniň takyklygy, çyzma nagyşlarynyň çeperçiligi, ýüzüne berlen şekiller bilen haýran galdyrýar.

Toýundan ýasalan küýzedir gap-gaçlaryň daşyna reňkli nagyş çekilen bolsa, syrçaly gabyň böleklerinde guşuň, gülüň şekilleri bar. Öküziň, horazyň, itiň şekilleri berlen heýkeljikler ýasalyşynyň naşylygy bilen tapawutlanýar. Gyzyň şekili çekilen gabyň bölegi sungatyň ajaýyp eserini ýadyňa salýar. Toýundan ýasalan kärizde ulanylýan güle hem täsin tapyndylaryň biridir.

2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 26-na Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni Döwletmyrat Rejepow açdy.

Sergide Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň direktory, binagärlik ylymlarynyň doktory Muhametdurdy Mamedow, “Nusaý” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Nurberdi Garajaýew, “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Azat Baýramow, “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Maýa Hojaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň müdiri Annaoraz Abdyýew çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär

2025-nji ýylyň Buker baýragyny wenger-britaniýaly ýazyjy Dewid Soloý gazandy

Aşgabatda Eýranyň miniatýura surat çekme we altyn çaýma sungaty boýunça ussatlyk sapaklary