DÜNÝÄ

Täze suw howdany ulanylmaga berildi

Bereket etrabynda täze suw howdany ulanylmaga berildi. Bu howdan ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir.

Dabaraly çärä Hökümet agzalary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem oba zähmetkeşleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Il sylagly ýaşulular böwedi açyp, Garagum derýasynyň suwuny suw howdanyna goýberýärler. Soňra dabara gatnaşyjylar howdanyň suw goýberiji desgasynyň hem-de suw ölçeýji enjamlarynyň işleýşi bilen tanyşýarlar, bu toplumy dolandyrmak üçin ýörite enjamlar oturdylan dolandyryş binasyna baryp görýärler.

Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrinde gurlan suw howdanynyň göwrümi 18 million kub metr bolup, ol ýerde sekuntda 30 kub metr suw geçirmäge ukyply suw ýygnaýjy desga ýerleşýär. Bu desga güýz-gyş aýlarynda derýanyň aşaky akymynda suwy ýygnamak, ekerançylyk ýerleriniň suwarylýan wagtynda suwuň paýlanyşyny sazlamak üçin niýetlenendir.

Bu gidrotehniki toplumyň taslamasy “Türkmensuwylymtaslama” institutynda taýýarlanyldy, gurluşyk işlerini bolsa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Desganyň gurluşygynda dünýäniň iri kompaniýalaryndan yzygiderli satyn alnan kuwwatly ekskawatorlaryň, buldozerleriň we beýleki ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalaryň 180-den gowragy gije-gündiz işledildi.

Howdanyň we bendiň gurluşygynda ýerli känlerden alnan gurluşyk materiallary ulanyldy, hususan-da, olaryň berkidilmegi üçin 167,5 müň kub metr çagyl gerek boldy. Bendiň umumy uzynlygy 7,8 kilometrden gowrakdyr. Esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, ýol we energetika düzümleriniň desgalary guruldy.

Suw geçirijilik ukyby sekuntda 10 kub metre barabar bolan täze suw hojalyk toplumynyň işe girizilmegi Bereket etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

 

Howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri üçin serişde goýberiler

Ýene-de okaň

Aşgabatda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi