Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Arkadagly Serdarymyz bilen ösüşleriň täze belentliklerine çykýar.
Şeýle hem täze ösüşlere sary ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnama ösüşleriň buşlukçysydyr. Bu maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip atlandyrylýar» diýmegi täze döwrüň täze Galkynyşa beslenjekdigini mälim etdi.
Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek babatda wajyp wezipeler öňde goýulýar. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, senagat kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ýangyç gorlaryny rejeli peýdalanmak we ykdysady bähbitlere laýyk gelýän ugurlary kesgitlemek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň netijesinde pudaklar döwrebap ýagdaýa getirilýär, jemi içerki önümiň düzüminde senagat önümleriniň paýy artýar.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewürlerimiz häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän ýokary ynamyndan ruhlanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda netijeli zähmet çekýärler.
Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözleri halkyň ýaşaýyş-durmuşynda öz beýanyny tapýar. Eziz Diýarymyzda ulanylmaga berilýän kärhanalar, mekdepler, hassahanalar we saglyk öýleri, ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeleriniň oňyn netijesidir. Olar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aňladýar. Şol bir wagtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylyp durulmagy hem ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.
Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň oba hojalygynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Olarda ýurdumyzyň ýedi ýyllyk möhlet üçin ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bellenilip, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, agrar ulgamy özgertmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen wezipeler hem kesgitlenilýär. Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hökmünde çykyş edýär.
Goý, ýurdumyzy ösüşiň has uly belentliklerine tarap alyp barýan, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny artdyrmak babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Kerwenmyrat Orazberdiýew, TOHU-nyň talyby.
