BIZNES

Täze döwrebap taksiler Aşgabatda we welaýatlara halkyň hyzmatynda

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Hyundai Elantra», «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň ýüzlerçesi satyn alyndy we olar halkyň hyzmatynda.

Paýtagtymyzda döwrebap jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyrynda täze, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryň ýene-de 530 sanysy ilata hyzmat etmek üçin ýola çykaryldy.

Täze ulaglar kesgitlenilen çäklerde hereket edýärler. Şäheriň ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, köçelerde ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleri döretmek degişli gulluklaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky degişli awtoulag kärhanalaryna hem «Toyota Сorolla», «Hyundai Elantra» kysymly döwrebap taksi awtoulaglary gelip gowuşdy. Has takygy, döwrebap taksi awtoulaglarynyň Ahal welaýatynda 50-si, Balkan welaýatynda 34-si, Daşoguz welaýatynda 80-si, Lebap we Mary welaýatlarynyň hem hersinde 85-si ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmaga goşant goşar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder