MEDENIÝET

Täze dörediljek seriýal taryhda iň gymmat bolar

Amerikanyň “Amazon” kompaniýasy “Ýüzükleriň hökmürowany” fantastika serialynyň ilkinji möwsüminiň surata düşürilmegi üçin 465 million dollar sarp eder. Bu seriýalar taryhda iň gymmat kino bolar diýip, “Hollywood Reporter” žurnaly habar berýär. Ilkibaşda kinonyň birnäçe möwsüminiň düşürilişi 500 million dollar bahalandyrypdyrlar. Serialyň bäş möwsümi Täze Zelandiýada surata düşürilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem serialyň takmynan çykaryljak senesi barada anyk maglumat berilmeýär.

“Hakykatdanam şeýle bu fantastika. Bu şu wagta çenli döredilen teleseriallaryň içinde iň uly göwrümlisi bolar” diýip, Täze Zelandiýanyň ykdysady ösüş we syýahatçylyk ministri Stýuart Neş belläp geçýär.

Täze “Ýüzükleriň hökmürowany” fantastika seriýalynyň ssenaristleri Jon Peýn, Patrik Makkeý we Huan Antonio Baýon bolup durýarlar. Bu serialda täze we meşhur aktýorlar çykyş edeerler. Täze düşüriljek seriýalda “Tagt oýny” filminde çykyş eden Robert Aramaýo we Jozef Moul ýaly aktýorlar keşpleri janlandyrarlar. Britaniýaly aktýor Maksim Boldri geljekdäki taslamada esasy keşpleri ýerine ýetirer.

 

Talyplar «Türkmenbaşy» bankyň resmi web saýtyny işläp taýýarladylar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy