BIZNES

“Tatneft” kompaniýasyndan dürli harytlary satyn almak bäsleşigi

Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy milli manatda we ABŞ-nyň dollarynda dürli harytlary satyn almak babatda bäsleşik yglan etdi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişde bellenilip geçilýär.

Şu aşakdaky lotlar boýunça harytlary satyn almak göz öňünde tutulýar.

Lot №1 – “Arçalyk” agyz suwy bilen üpjün etmek.

Lot №2 – Kondisioner, sowadyjy we kir ýuwulýan maşyn hojalyk enjamlaryny bejermek we tehniki hyzmatlary bermek.

Lot №3 – Howply ýükleri daşamak hyzmatyny bermek (kislotalar).

Lot №4 – Howply ýükleri daşamak hyzmatyny bermek (kislorod, propan).

Lot №5 – 2,2 kWt we 410 Wt elektrik hereketlendirijisiniň statoryny saramak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bolar.

Bäsleşige gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 6-43-66.

Elektron salgysy: filial_turkmen@mail.ru;

Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylowa köçesi, 59

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy