JEMGYÝET

Tatarystanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada “orient.tm” internet neşiri Tatarystanyň Prezidentiniň resmi internet sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedow garşylady.

Bu saparyň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen ikiçäk duşuşygy, şeýle hem giňeldilen düzümdäki gepleşikleri göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisi geçirilipdi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem ilkinji gezek gatnaşypdy. Şonda Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirilipdi.

 

 

Related posts

“Bitaraplyk” binasynyň dabaraly açylyşy

Dünýä Liderleri ak şäherimiz Aşgabatda

 40 ýurda uçar gatnawlary amala aşyrylar

Ata Watan Eserleri