JEMGYÝET

Tatarystanyň kompaniýalary Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşyp biler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyzda iş saparynda bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Söwda-senagat edarasynda guralan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördüler.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary, öňde durýan wezipeler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy  hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanda öndürilýän haly we haly önümleriniň sergi bölümine baryp gördüler. Bu ýerde ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen maslahat geçirdi.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda gurluşygyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylar. Bu işlerde Tatarystanyň hünärmenleriniň tejribeleri peýdalanylyp bilner diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň gurluşyk ulgamynda häzirki zaman gazananlaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän täze Arkadag şäheriniň gurluşygyna gatnaşmaga Tatarystanyň kompaniýalarynyň çagyrylmagyny uly hormat hasaplaýandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, onda öňe sürlen teklipleriň we garalan meseleleriň işjeň öwrenilmegi, bu ugur boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanylmagy babatda zerur işleriň geçirilmelidigini belledi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri