BILIM

Täsirli geçen aýdym-sazly iňlis dilindäki “açyk” sapagy

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär, şan­ly wa­ka­lar bi­len il­deş­le­ri­mi­zi buý­san­dyr­ýar. Şu şöh­rat­ly ýyl­da ýaş nes­le bi­lim öw­ret­mek, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi wa­gyz et­mek baş mak­sa­dy­myz­dyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýaşlara berilýän bilimiň dünýä derejesine çykarylmagy üçin döwletimiz tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Okatmagyň täzeçil usullary işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalar many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bilim ulgamyna innowasion sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär.

Soňky ýyllarda  «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplara kämil dil bilimi bermek ugrunda yhlasly zähmet çekilýär. Iňlis dili derslerinde talyplaryň iňlis dilinde gepleşmek başarnyklaryny, şeýle-de diňläp düşünmek, gepleýiş, okaýyş endiklerini ösdürmek üçin okatmagyň täzeçil usullaryndna giňden peýdalanylýar. Şunda ýokary okuw mekdebinde geçirilýän “açyk sapak” dersleriniň hem ähmiýete uludyr.

Ýurdumyzyň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda iş alyp barýan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy Aýnabat Işangulyýewanyň Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap geçiren “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym-sazly iňlis dilindäki açyk sapagy örän täsirli boldy. Bu ýokayr okuw mekdebinde 4 ýyldan bäri zähmet çekýän Aýnabat mugallym sapagynda ýaşlaryň iňlis diline bolan söýgüsini gazanmak üçin sapagyny aýdym-sazly gurnady.

Üstünlikli geçen açyk sapagynyň aralarynda talyp ýaşlary iňlis dilinde aýdymlary ýerine ýetirdiler. Sapaga işjeň gatnaşan talyplaryň ýerine ýetiren aýdymlaryna bu sapaga myhman hökmünde gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy hem-de kompozitory Şemşat Amannepesowa sazandarlyk etdi.

Açyp sapaga uniwersitetiň mugallymlary hem gatnaşyp, sapagyň ahyrynda sapagyň örän täsirli geçendigi barada özleriniň garaýyşlaryny beýan etdiler.

Saparyň täsirli taraplarynyň biri hem talyplar bilen dürli bäsleşikli oýunlar gurnalyp, onda “Sazy bil” atly oýunda Şemşat mugallym saz gurallarynda dürli dünýäniň nusgawy hem-de belli kinolaryndaky nusgawy sazlary ýerine ýetirdi. Talyplar hem bu sazlary bilmek üçin özara bäsleşip, sapagyň işjeňlikderejesini has-da artdyrdy.

Türkmen kompozitorlarynyň hem-de türkmen kinolarynyň aýdymlary esasynda ýerine ýetirilen nusgawy sazlaryň kyndygyna garamazdan, talyplaryň hem-de mugallymlaryň şol eserleri bilen bilmegi Şemşat mugallymda hem uly täsir galdyrdy.

Şeýle hem sapakda täzeçil tehnologiýalardan hem işjeň peýdalanylyp, talyplar bilen mugallym monitorlaryň üsti bilen özara gatnaşygynyň sazlaşygyny emele getirdiler.

Umuman, ýurdumyzda talyplara döwrebap hem-de kämil bilim bermekde okatmagyň täzeçil usullarynyň giňden ornaşdyrylmagy, açyk sapaklarynyň ilkinji gezek aýdym-sazly geçirilmegi hem talyplarda hem-de mugallymlarda ýatdan çykmajak wakalara beslendi.

Uniwersitetimiziň maksadymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerini gazanmakdan ybarat bolup durýar. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halklary bilen gatnaşyklarynyň ýygjamlaşýan döwründe iňlis diliniň halkara dili hökmünde ähmiýeti has artýar.

Sona Islamowa, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň

Diller kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy.

Ýene-de okaň

BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi

Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy işlenip düzülýär

Şu ýyl Türkmenistanda 93 müňden gowrak okuwçy mekdep bilen hoşlaşýar

Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda hytaý kompaniýalarynyň hyzmatlary öwrenilýär

Türkiýäniň Ýokary bilim guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Aşgabatda saparda bolar