Italiýaly alymlar tarapyndan dürli suw howdanlarynyň düýbüni, ummanlary öwrenmäge mümkinçilik berýän roboty döretdiler. Alymlaryň bellemegine görä, robotlaryň esasy aýratynlygy, olar suwda ýüzmeýär, ýöne gönüden-göni aşaklygyna hereket edýär, çylşyrymly relýefleri ýeňip geçýär we uzak wagtlap hereketsiz galmagy başarýar.
Alymlaryň bu açyşy köp alymlar üçin, mysal üçin geologlar, ekologlar, deňiz biologlary üçin peýdaly bolup biler. Ýagny, uzakdan dolandyrylýan robot ulanmak, adamlar suwa gark bolanda ýüze çykýan ähli töwekgelçilikleri aýyrýar. Emma bu enjamlaryň birnäçe kemçilikleri hem bar, ýagny toklara garaşlylyk, bir nokatda uzak wagtlap saklanyp bilmezlik, berk goldawyň ýoklugy sebäpli nusga almakda kynçylyklar.
Giakomo Pikardiniň ýolbaşçylygyndaky Sankt Annanyň adyndaky Öňdebaryjy okuw mekdebiniň hünärmenleri bu problemalary çözmek kararyna geldiler. Aşakdan ýöräp, uzakdan garynja meňzeýän SILVER2 enjamyny oýlap tapdylar. Robot durnukly we dürli päsgelçilikleri ýeňip geçip, islendik tarapa hereket edip bilýän alty sany giň aýak aldy.
Robotyň ölçegi 60-35 santimetre deň bolup, ol batareýa, elektronika bölümi, nawigasiýa ulgamy, sensor datçikleri we iki wideo kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Hünärmenler robotyň “garnyna” goşmaça enjamlary, hususan-da, buraw, nusga almak üçin manipulýator ýa-da beýleki gurallary ýerleşdirmek mümkinçiligini göz öňünde tutdular. Şeýlelikde, robotlar gaýalary öwrenmekde, haýwanlary we ösümlikleri synlamak üçin peýdaly bolar.
Enjam antenna bolup hyzmat edýän ýüzügiň üstünde ýüzýär. Munuň netijesinde hem roboty ýakyn gämiden dolandyrmaga mümkinçilik döredýär.
Taýýarlan Isa GURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.