SIZDEN GELENLER

Taryhyň nagyşlary

Näme üçindir tebigat öz gözel nagyşlaryny ynsanyň ýüregine çekeni bilen kanagatlanman, ony ýene bir zada geçirmegini ynsandan “talap edipdir”. Mysal üçin kagyza, küýzä, şygra, söze, palçyga. Adamzat döräli bäri özüniň ýazgylaryny, ýagny ýüregindäki duýgularyny nagyşlara geçiripdir-de ony belli bir wagt içinde ulanypdyr. Ol nagyşlaryň ilkinjileriniň döremegine diňe adamzadyň öz çeken jebri sebäp bolup biler we bu meseläniň soňy adamyň öz çeken jebrini adamlara ýaýyp, aýdyp gitmek arzuwy bilen amala aşyrylypdyr. Çünki ýürekdäki syry kemala getiren Allatagala adama täsin bir husus beripdir, ol husus onuň durmuşyny nähilidir bir hili görnüşde kemala getirmegidir. Ýagny bu hususa soň- soňlar adamlar “sungat” diýip, at beripdirler.

Elbetde adam öz ýüreginiň dili bilen ilki başda ýaşan gaýalaryna, soňra ýeriň aşagyndaky ýerzeminleriň diwarlaryna, has soňraklar welin öz diliniň aňladyş şekilleri esasynda bolsa, ýazgylara sudur çekipdir.  Adamzadyň syrly terezi içinde dünýä iýndirlendigini bilsek- de onuň talantynynyň derejesine görä eden işiniň gymmatyna baha berilmek hususy hem ýüze çykypdyr. Ýüregindäki gatlaryň syryny açmak işine girişeninden soň adamy saklamak kyn bolupdyr. Ine, şu zatlaryň esasynda awçylyk, ekerançylyk hem-de özüniň hemmelerden beýikdigi hakda käbir adamlaryň arzuwlary ýüze  çykypdyr.

Bu husus bolsa, soňabaka beýleki adamlar üçin howply bolupdyr we agalyk ediji synplaryň döremegine şert döräpdir. Beýikleriň aýdyşy ýaly asly bulanyk suw, soňam maslykdyr. Eger düşünje bolmadyk bolsa, ynsan ne wakalary başdan geçirerdikä?

Ine, şu düşünjeleriň yzyna düşüp, bizem adamzadyň täsin hazynasy bolan onuň “özi”baradaky taryhy nagyşlara esaslanmak bolar. Ýagny onuň diliniň ýüze çykmagy üçin ilki şekil emele gelipdir, soňra söz, ahyr soňunda onuň sungaty. Ine, şeýdibem şekil meýdançasy ýüze çykyp, dil medeniýetiniň döremegine, has dogrusy dil gatnaşyklarynyň kemala gelmegine ýol açylypdyr.

Merýem Öwezgeldiýewa,       

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir