JEMGYÝET

Taryhy üstünlik! Türkmen samboçy dünýä çempiony boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde sambo boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Bu çempionatyň ilkinji günlerinden Türkmenistanyň türgenleri üstünlikli çykyş edýärler.

Muminjan Arzykulow söweş sambosy boýunça 71 kg agramda çykyş edip, altyn medal gazandy. Türkmen türgeni söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň taryhynda ilkinji altyn medal alan samboçy boldy.

Muminjan Arzykulow final tutluşygynda russiýaly garşydaşy Rolan Zinnatowy 5:0 hasabynda ynamly ýeňip, dünýäniň çempiony derejesine eýe boldy.

Gazagystanda geçirilýän halkara ýaryşa 80 döwletden 470 türgen gatnaşýar.

Çempionatyň ilkinji gününde türkmen zenan türgenleri 2 bürünç medal gazandy. Ýaryşyň birinji gününiň jemleri boýunça söweş sambosy boýunça 54 kg agramda çykyş eden Zarina Abdyrahmanowa hem-de 72 kg agramda çykyş eden Gulzada Jorakulyýewa bürün medalyň eýeleri boldular.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi