MEDENIÝET

Taryhdaky ilkinji fotosuratlar satylar

Ýer ýüzündäki ilkinji fotosuratçy hökmünde tanalýan William Genri Foks Talbot tarapyndan düşürilen 200 surat satlyga çykarylýar. Olaryň satyşyny Angliýadaky muzeýleriň birinde guramak meýilleşdirilýär. Dünýäniň ilkinji fotosuratlaryny 2 million dollara satmak meýilleşdirilýär.

Elbetde, suratlaryň bäsleşikli söwdada satyljaklygy üçin başlangyç baha bu derejede bolmaz. Ýöne guraýjylar sungatyň muşdaklarynyň bu surat eserleri üçin 2 million dollary hem sarp edip biljekdigine ynanýarlar.

Willam Talbot syýasatşynas we alym bolupdyr. Onuň satuwa çykarylan surat eserleriniň 1840-njy ýylda düşürilen bolmagy çaklanylýar. Eserlerde Angliýanyň şol ýyllardaky binagärlik aýratynlyklary öz beýanyny tapýar. Şol bir wagtyň özünde ol soňky bilen dünýä belli marka öwrülen «Talbot» surata alyjy enjamlarynyň ilkinji nusgasy bilen maşgala agzalarynyň we dostlarynyň hem birnäçesini surata düşüripdi.

Taryhy maglumatlarda Talbotyň bir dynç alyşda «Duzly kagyz» surat usulyny oýlap tapandygy aýdylýar. Bu usulyň yzyna düşen alym adaty kagyzy yşygyň kömegi bilen ýüzüne şekil berip bolar derejede özgerdýär. Bu usul döwrebap fotosuratçylygyň ilkinji ädimidir.

 

“Mersedes”-iň Germaniýada önümçiligi togtadyldy

 

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy