JEMGYÝET

Taryhda iň köp satylan 10 awtoulag

Beýik Britaniýanyň “Autocar” neşiri ähli döwürlerde we döwletlerde iň köp satylan awtoulaglaryň sanawyny düzdi. Munuň üçin neşiriň Žurnalistleri 60-dan gowrak modeliň söwdasy bilen bagly statistikalary gözden geçirdiler. Netijede, dünýäde iň köp satylan ulag Toyota Corolla boldy. Kompaniýa bu kysymly awtoulaglardan 1966-njy ýyldan bäri 45,5 million sanysyny satypdyr.

Sanawda 2-nji orna  “Ford” kompaniýasynyň F-Series ulagy mynasyp boldy. Eýýäm 60 ýyldan gowrak wagt bäri öndürilýän bu kysym kompaniýanyň taryhynda aýratyn orna eýedir. Has takygy, 1948-nji ýyldan bäri Ýer ýüzünde F-Seriesleriň 27,5 milliondan gowragy satylypdyr.

Sanawyň 3-nji ornunda “Volkswagen” kompaniýasynyň ady rowaýata öwrülen kysymlarynyň biri Golf bar. Ilkinji nusgalary 1974-nji ýylda öndürilip başlanan bu ulagdan häzirki wagta çenli 24,8 mlilliony satyldy.

Şeýle hem:

4-nji orunda 1982-nji ýyldan bäri 18,3 million sanysy satylan “Opel” kompaniýasynyň Vauxhall Corsa kysymly ulagy;

5-nji orunda 1980-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli käbir döwletlerde “Lada Riva”, käbir ýerde-de “Lada Nova” ady bilen 18 milliony satylan WAZ – 2105;

6-njy orunda 1972-nji ýyldan bäri 17,3 million sanysy satylan Honda Civic;

7-nji orunda 1991-nji ýyldan bäri 14,6 million sanysy satylan Renault Clio;

8-nji orunda 1990-njy ýyldan bäri 13,4 milliony satylan Hundai Elantra;

9-njy orunda 1975-nji ýyldan bäri 13,3 milliony satylan BMW 3 Series;

10-njy orunda 1961-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli 11,9 milliony satylan  Oldsmobile Cutlass.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär