SPORT

Taryhda has tapawutlanan oýunçy kim?

Russiýanyň “RIA Novosti” habarlar gullugy “Ace Football” metbugatyna salgylanyp, beren beýanatynda, Angliýanyň futbol milli ýygyndysynyň we “Liwerpul” toparynyň öňki ýarym goragçysy Stiwen Jerrard, futbol taryhynyň has tapawutly oýunçysy diýip, hasaplanyldy. “Ace Football” metbugaty, Ýewropanyň futbol muşdaklarynyň ählisinden ses berlişik geçirdi. Birinji tapgyrynda has tapawutlanan oýunçy adyna 20 sany oýunçyny saýladylar, şondan soňra ýene-de täze ses berlişik geçirdiler. Munuň netijesinde, Stiwen Jerard üçin ses  berýänleriň 23,5% göterime deň boldy. “Mançester Ýunaýted” toparynyň fransuz ýarymgoragçysy Pol Pogba 22% göterimi bilen ikinji orny eýeledi. Braziliýa futbol milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy hem-de dünýäniň iň gowy futbolçylaryň biri bolan Pele bu ses berişlikde 20% göterim ses alyp, üçünji orny eýeledi.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler