SIZDEN GELENLER

Taryha samçyrag bolan gymmatly eser

Şu günler ýurdumyzyň dürli toplumlarynda hem-de sebitlerinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär.

Üç dildäki ylmy-populýar, syýasy-dokumental eseriň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän köpugurly çäreleriň öňüsyrasynda neşir edilmeginiň dünýä jemgyýetçiligini bu ugurdaky taryhy maglumatlardyr häzirki döwürde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy dünýäde ak bugdaýyň Watany hökmünde ykrar edilen gadymy Änew şäheriniň taryhyny täze pikirler, çuň garaýyşlar, giň düşünjeler, gymmatly ylmy maglumatlar bilen öwrenmäge ruhlandyrdy. Çünki bu ajaýyp kitap diňe bir medeniýetleriň hem-de siwilizasiýalaryň ojagyna öwrülen Änewiň şöhratly geçmişiniň däl, eýsem dünýäniň özgermegine hereketlendiriji güýç beren ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny we ösüşini öwrenmekde täze sahypalary açýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa eýlenen kitabynda: «Änewiň uly meşhurlyga eýe bolmagyna, gürrüňsiz, baryp XX asyryň başynda üsti açylan we «Änew medeniýeti» ady bilen giňden ykrar edilen eneolit zamanyna degişli arheologik medeniýet sebäp boldy» diýip ýazyşy ýaly, Änewiň bereketli topragynda ak bugdaýyň iň gadymy nusgalarynyň tapylmagy, bu gadymy şäheriň dünýäde meşhur bolmagyna esas boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew medeniýetiniň esasy häsiýetli tarapy bolsa, gürrüňsiz, daşy boýag bilen bezelen keramika önümleridir, olar eneolit zamanynda Türkmenistanyň Köpetdag eteginiň düzlüginiň ähli çäginde ýaýrapdyr» diýip milli senetçiligimiziň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan küýzegärçilik sungatynyň döreýiş taryhy barada gymmatly maglumatlary beýan edýär.

Maksut Maksadow,

Ýagşygelgi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1A toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri