JEMGYÝET

Tapawutlanan ýerli gurluşyk kompaniýalary Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryna gatnaşarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe bu ýerde alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy, aýratyn hem, bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi, ähli binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Bu ýerde, esasan, Arkadag şäherine gelýän awtoýollaryň çyzgylary, şäheriň awtomenziliniň binalar toplumynyň, şeýle hem demir ýol menziliniň şekil taslamalary görkezildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyryndaky dürli maksatly binalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň açylyş dabarasy bilen birlikde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem hemmetaraplaýyn esasda, ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belläp, täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda işläp, şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezen we tapawutlanan ýerli gurluşyk kompaniýalaryna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň gurluşyklaryny ynanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalaryň dolandyryş düzümini döretmek, olarda degişli guramaçylyk işlerini alyp barmak meseleleri barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagy Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewden berk talap etdi.

Şeýle-de bu ugurda alnyp barylýan işleri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň degişli ugurlar boýunça berk gözegçilikde saklamalydyklary nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi