Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlarynyň hem-de professor mugallymlarynyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden myhmanlar we talyp ýaşlar öz çykyşlaryny rus we iňlis dillerinde alyp bardylar. Aýratyn hem iňlis dilinde alnyp barylan çykyşlar diýseň täsirli boldy. Bu çykyşda lukmançylyk ylymlarynyň ösmeginde ýurdumyzyň sähralarynda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň ýerlikli ulanmagyň peýdasy barada bellenilip geçildi. Türkmenistanyň baý dermanlyk ösümlikleri, olaryň adam bedenine berýän peýdasy, ýokumlylygy barada, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň wajyplygy, arassaçylyk-gigiýenanyň dogry berjaý edilmegi dogrusynda giňişleýin maglumat berildi. Bu täze kitapTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.
Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden, jana şypaly melhemlerden gözbaş alýan bu kitap halk lukmançylygyna bagyşlanan ylmy ensiklopediki eserdir. Hormatly Prezidentimiz özüniň gymmatly eserlerinde dermanlyk ösümlikleriň gülünden, ýapragyndan, kökünden, tohumyndan… alynýan dürli melhemleri, jöwherleri we olaryň ulanyş ýollary barada aýratyn düşündirip geçdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adam hakyndaky aladany ünsden düşürmeýän, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak babatda gije-gündiz uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler!
Hatyja Döwletnazarowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!