BILIM

Talyplar «Türkmenbaşy» bankyň resmi web saýtyny işläp taýýarladylar

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze döwrebap binasynyň açylyş dabarasy bolan «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hyzmatlaryny has döwrebaplaşdyrmak we sanlaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Nurmuhammet Allanow bilen Mahmyt Allaberdiýew öz tekliplerini taýýarladylar.

Munuň üçin olar bankyň resmi web saýtyny işläp düzdüler. www.tbbank.gov.tm salgysynda ýerleşýän saýt ýaşlaryň arasynda geçirilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigiň «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar» ugry boýunça ýeňiji boldy.

«Nesil» gazetinde habar berlişi ýaly, bu saýt arkaly fiziki we ýuridiki taraplar, hususan-da, telekeçiler hasaplaşyk-kassa, karzlaşdyryş, pul goýumlary, seýfleriň kärendä berilmegi ýaly hyzmatlary, pul alyş-çalyş amallaryny onlaýn usulda ýerine ýetirip bilýärler. Degişli maglumatlaryň ählisi saýtda ýerleşdirilen.

Saýtyň «Gatnaşyklar» bölüminden bankyň paýtagtymyzdaky we welaýatlarymyzdaky ähli bankomatlarynyň, töleg terminallarynyň salgylaryny alyp, onuň şahamçalary, hyzmatdaşlyk edýän banklary bilen tanşyp bolýar. Iň esasy aýratynlyk, bu saýt arkaly banka onlaýn ýüzlenip, karz almak, täze bank kartyny açmak, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri tölemek amallaryny ýerine ýetirip bilýäris.

Mysal üçin, siz täze bank kartyny almak isleýärsiňiz. Onuň üçin, wagt ýitirmezden, saýtyň «Onlaýn ýüzlenme» bölüminiň «Täze bank kartyny almak üçin ýüzlenme» sahypasyna girip, şol ýerde görkezilen maglumatlary doldurmak ýeterlik. Bularyň ählisiniň bankyň hyzmatlarynyň we amallarynyň hiline oňaýly täsir etjekdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmen-pomidorlary-wenanyn-bazarynda/

Ýene-de okaň

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler