BILIM

Talyp wizasy boýunça bildiriş

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugy oktýabr aýynda raýatlary kabul edip başlajakdygyny mälim edipdik.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda talyplar üçin okuw wizalaryny resmileşdirmek üçin deslapky ýazgylaryň guralmagy barada täze bildiriş çap edildi.

Şol bildirişe görä, 2021-nji ýylyň 27-nji oktýabrdan talyplar üçin okuw wizasyny resmileşdirmek üçin deslapky ýazgynyň açylýandygy mälim edildi.

Kabul edişlik üçin ýazgylar çarşenbe we anna günleri sagat 09:30-dan-12:00-a aralygynda kabul edilýär.

Konsullyk gullugyna gelýän talyplar öz ýanynda şu resminamalar bukjasyny getirmegi zerurdyr:

  1. Wiza anketi doldurulmalydyr (anketany takyk doldurmagyň düzgünleri şu ýerde);
  2. Wizany resmileşdirmek üçin esas (RF-nyň Içeri işler ministrliginiň çakylygynyň ýa-da RF-niň Daşary işler ministrliginiň çözgüdiniň hakykysy/gysgaça elektron göçürmesi);
  3. Türkmenistanyň raýatynyň milli we biometrik pasportynyň göçürmesi;
  4. Konsullyk hyzmatlarynyň ýygymy (Konsolluk gullugynyň kassasyna tölenýär);

Okwu wizasy resmileşdirilende pasportyň soňky möhletiniň wizanyň başlanýan senesinden 1,5 ýyl öň bolmalydyr.

MÖHÜM:Hökümet kwotasy bilen okuwa girýänler konsullyk hyzmatynyň ýygymlaryndan boşadylmagy üçin diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň adyna arza ýazyp bilýär.

 

26-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy