MEDENIÝET

«Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi. Oňa fakultet tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gatnaşdylar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlary bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmekden ybaratdyr.
Turuwbaşdan örän gyzykly geçen bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp gyzlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyryp, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany wasp edip, aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alnyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezmek ikinji şertiň özenini düzdi. Talyp gyzlar özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly beýan edip, «Hünärim bar — hormatym bar» atly üçünji şerti ýerine ýetirdiler.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýeňiji gözellik bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär