MEDENIÝET

“Talyp gözeli – 2024” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, “Halkara zenanlar güni” mynasybetli her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän “Talyp gözeli – 2024” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.
“Talyp gözeli–2024” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynda Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetleriniň talyp gyzlary çykyş etdiler. Talyp gyzlar gözellik bäsleşiginiň esasy şertleri bolan türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryna siňdirip ýerine ýetirdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek we “Hünärim bar – hormatym bar” şygar astynda keşde çekmek ukyplaryny açyp görkezmek boýunça bäsleşdiler.
Gözellik bäsleşigine gatnaşan talyp gyzlar türkmen halkynyň milli Lideriniň “Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar” diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden hem-de bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. “Talyp gözeli – 2024” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Leýli Muradowa baş baýraga mynasyp boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara hem-de ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi