JEMGYÝET

“Talyp gözeli-2021” Halkara gatnaşyklary institutynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň gülleri hasaplanylýan zenanlarymyza uly hormat goýulýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda talyp gyzlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen her ýyl “Talyp gözeli” atly gözellik bäsleşigini geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şu golaýda hem “Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi” hasaplanýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli-2021” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.

Bu gözellik bäsleşigi üç tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrda institutymyzda hereket edýän dört fakultetiň talyp gözelleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gyz-gelinlere goýulýan sarpany, özleriniň döredijilige, sungata bolan ukybyny, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçiliklerini, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň waspyny, şeýle-de saýlap alan hünärini  aýdym-saz, goşgy, monolog we sahna eserleriniň üsti bilen açyp görkezdiler. Ikinji tapgyrda bolsa Hormatly Prezidentimiziň “Bereketli türkmen saçagy” kitabyndan ugur alyp milli tagamymyz we müň derdiň dermany hasaplanýan unaş kesmekde özara bäsleşdiler. Üçünji tapgyrda bolsa ene-mamalarymyzdan ýol-ýörelge bolup gelen keşde çekmekde, milli el-işlerimizi ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Çekeleşikli geçen gözellik bäsleşiginiň ahyrynda baş baýraga Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Gytja Atdaýewa mynasyp boldy. Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby Aýna Öwezgeldiýewa, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Ogulnur Döwletýarowa we Halkara ykdysady gatnaşykary fakultetiniň I ýyl talyby Enegül Annamyradowa degişlilikde I, II, III orunlary eýelediler.

“Talyp gözeli-2021” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynda ýeňiji bolan talyp gözelleri hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

 

Sona HALYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Halkara zenanlar güni: aýal-gyzlarymyza pul sowgady gowşurylar

 

“Talyp gözeli-2021” atly gözellik bäsleşigi geçirilýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürilýär

Gazak ministri: Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly ösmegine aýratyn üns berilýär

Oguljahan Atabaýewa Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Russiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň işlerine ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň ministri Türkmenistana sapar bilen geldi

Oraza baýramynyň 30-njy martdaky dynç güni 31-nji marta geçirildi