JEMGYÝET

“Talyp gözeli – 2021” bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde her ýylda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän “Talyp gözeli” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu tapgyrda ýaryşyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öz içlerinde geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyp gyzlar gatnaşdylar. “Talyp gözeli – 2021” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan talyp gyzlar bäsleşigiň şertlerine görä, ýurdumyzyň batly gadamlaryny wasp etmekde, Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini dürli dillerde aýdyp bermekde, keşde çekmekde we unaş kesmekde bäsleşdiler. Bäsleşigiň soňunda emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäz Ataýewa baş baýraga, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl Merjen Gurbanberdiýewa 1-nji orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Aýnur Kuliýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Şirin Döwranmyradowa dagy 2-nji orna, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby Gyzylgül Seýisowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby Güljemal Amangulyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnabat Şyhmyradowa dagy 3-nji mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp gyzlara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baýraklaryňyz gutly bolsun, hormatly talyp gözelleri!

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

8-nji Mart – Halkara gelin-gyzlaryň güni

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri