BILIM

Talyp-2022:Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň Söw­da-koo­pe­ra­tiw mek­de­bi

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň Söw­da-koo­pe­ra­tiw mek­de­bi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit.
2. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laş­dy­ryş.
3. Ha­ryt­çy­lyk we sarp ediş ha­ryt­la­rynyň hi­li­ni sel­jer­mek.
4. Jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti­niň önüm­le­riniň teh­no­lo­gi­ýa­sy.

Söwda-kooperatiw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri
boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl. Söwda-kooperatiw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde (Aşgabat
şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sy güni;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 18-i güni;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 20-si güni;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 22-si güni;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 24-i güni;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 26-sy güni.

Gi­riş sy­nag­la­ry ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs­le­şik­siz we ta­lyp­ly­ga
ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan:

— Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň edaralary we kärhanalary tarapyndan degişli hünärlere hödürlenenler;

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň Söw­da-koo­pe­ra­tiw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 2060-njy (Aba An­na­ýew) kö­çe, 51,
tel.: 36-85-32, 36-83-28

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrligi II Halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi

Türkmenistanlylar koreý dilini we medeniýetini öwrediş maksatnamasyna gatnaşyp bilerler

Beýik Britaniýa bilen Türkmenistan bilim hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmen ýaşlary XXI halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşýarlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň agzasy boldy