BILIM

Talyp-2022:“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
2. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş.
5. Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy.
6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
7. Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy.
8. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy.
9. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.
10. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
11. Gurluşyk-ýol maşynlary we enjamlary.

Teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­debi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den pes bol­ma­dyk bin­ýat­da bili­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­leri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär. Oku­wyň möh­le­ti: 2,5 ýyl. Teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Resmi iş kagyzlary: Türk­me­nabat şä­he­rin­de 2022-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­nama (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy gora­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistrli­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýerin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­megiň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­derçe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň
ýe­ňi­ji­le­ri, hal­ka­ra bäs­le­şik­le­re gatna­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy topa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tassyk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa girmä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da görke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pary­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şaýan ýe­ri bo­ýun­ça   har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) okuwa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kukdan peý­da­lan ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler. Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Türk­me­na­bat şäheri) 2022-nji ýy­lyň
aw­gust aýy­nyň 16-17-si, 19-y we 20si gün­le­rin­de ge­çi­ril­ýär.

Giriş synaglary aşak­da­ky okuw ders­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:
hü­när­ler: himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak, organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy —hi­mi­ýa, mate­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy; beý­le­ki hü­när­ler — fi­zi­ka, ma­tema­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy. Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça Türk­menis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw
mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nagla­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­lenen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re
gö­rä gel­me­dikler ýa-da ders­le­riň bi­ri boýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dikler soňky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li geçen ýag­da­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň          re­je­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re laýyk gel­ýän da­laş­gär­ler peý­da­lan­ýar­lar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Amul şäherçesi, Dostluk köçesi, 20. tel.: 7-17-25; 7-91-04. Faks: 7-17-25;

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

Türkmen talyplary Polşadan 26 medally dolandylar

“TechGirls” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda IELTS synaglaryny guramak maslahatlaşyldy

MEMORIAD-2024: türkmen okuwçylary Dubaýda mental sport boýunça 3 medal gazandylar

Ata Watan Eserleri

Ýanwar-oktýabr: türkmen okuwçylary we talyplar halkara olimpiadalarda 813 medal gazandy