BILIM

Talyp-2022:Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.
2. Agronomçylyk.
3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
5. Gidromeliorasiýa.
6. Weterinariýa.
7. Ýer ulanylyşy.
8. Maglumat ulgamlary.
9. Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy.
10. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

Da­şo­guz ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mekde­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den
pes bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­tije­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.
Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl. Da­şo­guz ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mekde­bin­de okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Da­şo­guz şä­he­rin­de 2022-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty
ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan belle­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuwçy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri,
hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­menis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol
ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­manyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­malar bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul edýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýa­zylyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri boýun­ça  har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.
Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peýda­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mina­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler. Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp resmi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gapkär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň Da­şoguz ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Da­şo­guz şäheri) 2022-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 16-17-si, 19-y we 20-si gün­le­rin­de ge­çi­ril­ýär.

Giriş synaglary aşak­da­ky okuw ders­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:
hü­när­ler: oba hojalygynyň mehanizasiýasy; gidromeliorasiýa; ýer ulanylyşy; maglumat ulgamlary; oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy — ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;
hü­när­ler: agronomçylyk; weterinariýa — bio­lo­gi­ýa, hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;
hü­när­ler: buhgalterçilik hasaba alnyşy; ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary
— ma­te­ma­ti­ka, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy. Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry
Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.
Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagtda sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä ge­lip bil­medik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan geçip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýagda­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan:
— soň­ky 2-3 ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nan we et­rap hä­kim­li­gi ta­rapyn­dan degiş­li hü­när­le­re hö­dür­le­nen kä­rende­çi­ler we mülk­dar­lar;
— “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kanu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän­ler peý­da­lan­ýar­lar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Ýolçy köçesi, 370,               tel.: 6-45-58.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler