BILIM

Talyp-2022:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.
2. Agronomçylyk.
3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
5. Gidromeliorasiýa.
6. Weterinariýa.
7. Ýer ulanylyşy.
8. Maglumat ulgamlary.
9. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.
10. Dokma önümçiligi.
11. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.
12. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
13. Atçylyk.
14. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.

Türk­me­na­bat ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den pes bol­ma­dyk bin­ýat­da bi­limi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäsle­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär. Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl.
Türk­me­na­bat ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de okuw­lar tö­leg­li esas­da
al­nyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Türk­me­na­bat şähe­rin­de 2022-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji
aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan
bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­siniň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýeňi­ji­le­ri‚ hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň agza­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len resmi­na­ma­lar    bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­lary ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýazy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jogap­kär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Türk­me­na­bat ag­ro­sena­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de         (Türk­mena­bat şäheri) 2022-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 16-17-si, 19-y we 20-si gün­le­rin­de ge­çi­ril­ýär.

Giriş synaglary aşak­da­ky okuw dersle­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:
hü­när­ler: oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi; atçylyk; agronomçylyk; weterinariýa — bio­lo­gi­ýa, hi­mi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;
hü­när­ler: dokma önümçiligi; tikin önümçiliginiň tehnologiýasy; pagtany
ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy; dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy — hi­miýa, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;
hü­när­ler: oba hojalygynyň mehanizasiýasy; gidromeliorasiýa; maglumat ulgamlary; ýer ulanylyşy — ma­tema­ti­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;
hü­när­ler: buhgalterçilik hasaba alnyşy; ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş — ma­te­ma­ti­ka, bio­lo­gi­ýa, Türk­menis­ta­nyň ta­ry­hy.
Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw          mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry
döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä
ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri boýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky
sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga
kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:
— soň­ky 2-3 ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nan we et­rap hä­kim­li­gi ta­rapyn­dan de­giş­li hü­när­le­re hö­dür­le­nen kären­de­çi­ler we mülk­dar­lar;
— “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kanu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen          düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän­ler peý­da­lan­ýar­lar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat
agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty,    Türkmenabat ş., Zelili köçesi, 1a, tel.: 9-88-12, 9-89-56, 9-87-71.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler