S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.
2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Gidromeliorasiýa.
5. Weterinariýa.
6. Ýer ulanylyşy.
7. Maglumat ulgamlary.
8. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.
9. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.
10. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
11. Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy.
12. Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.
13. Ösümlikleri goramak.
14. Tokaý we seýilgäh hojalygy.
15. Agrohimiýa.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Aşgabat şäherindäki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýatlaryň merkezlerinde 2022nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
—bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde
(Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň16-sy güni;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 18-i güni;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 20-si güni;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 22-si güni;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 24-i güni;
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 26-sy güni.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler: dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy; pagtanyilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy; turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy;
oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi; ösümlikleri goramak; weterinariýa; agrohimiýa; tokaý we seýilgäh hojalygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: maglumat ulgamlary; ýer ulanylyşy; gidromeliorasiýa; oba hojalygynyň mehanizasiýasy — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä
gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky
synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabuledilmek üçin artykmaç hukukdan:
— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34-98-91, 34-91-24.
Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
“Makul Terjime” telefony:
+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com