BILIM

Talyp-2022:S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býu­jet esa­syn­da:
1. Şe­pa­gat­çy­lyk işi.
II. Tö­leg­li esas­da:
1. Be­je­riş işi.
2. Şe­pa­gat­çy­lyk işi.

Lukmançylyk mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes   bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Mary şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl   nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen  nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan  Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa kabul edil­mek S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Mary şäheri) 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 27-28-i, 30-31-i, awgust aýynyň 2-3-i günlerinde geçirilýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs­le­şik­siz we ta­lyp­lyga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hukuk­dan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Ma­ry luk­man­çy­lyk or­ta okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy:
Ma­ry we­la­ýa­ty, Ma­ry ş., Pa­ra­hat­lyk kö­çe­si, 6, tel.: 5-42-58, 5-42-49.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar