Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Býujet esasynda:
1.Türkmen milli saz gurallary.
2.Halk saz gurallary.
3.Kirişli saz gurallary.
4.Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.
5.Sazyň taryhy we nazaryýeti.
6.Aýdym atmak sungaty (wokal).
7.Bagşyçylyk sungaty.
8.Hor dirižýorlygy.
9.Saz mugallymçylygy.
10.Fortepiano.
11.Horeografiýa sungaty.
II. Tölegli esasda:
1.Türkmen milli saz gurallary.
2.Halk saz gurallary.
3.Kirişli saz gurallary.
4.Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.
5.Sazyň taryhy we nazaryýeti.
6.Bagşyçylyk sungaty.
7.Hor dirižýorlygy.
8.Saz mugallymçylygy.
9.Fortepiano.
10.Estrada sungaty.
Ýörite sazçylyk mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Ýörite sazçylyk mekdebiniň horeografiýa sungaty (halk tansy) hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň tans bölümini tamamlan, şeýle-de döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 2 ýyl işlän ýa-da iş döwri bolan
oglan-gyzlar kabul edilýär.
Ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk
mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— sazçylyk bilimi barada resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdepokuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy
jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;
Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-i, 5-i we 6-sy günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 8-i,9-y we 10-y günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 13-i we 14-i günleri;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 16- sy, 17-si we 18-i günleri.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
— hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
— hünär: horeografiýa sungaty
— hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
— beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.
Giriş synaglary sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň
taryhy dersi boýunça bolsa orta mekdepleriň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä
gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22,tel.: 92-54-84, 92-52-19.
Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
“Makul Terjime” telefony:
+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com