BILIM

Talyp-2022:Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi

Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býu­jet esa­syn­da:

1. Türk­men mil­li saz gu­ral­la­ry.
2. Halk saz gu­ral­la­ry.
3. Ki­riş­li saz gu­ral­la­ry.
4. Üf­le­nip we ka­ky­lyp ça­lynýan saz gu­ral­la­ry.
5. Sa­zyň ta­ry­hy we na­za­ry­ýe­ti.
6. For­te­pia­no.
7. Ho­re­og­ra­fi­ýa sun­ga­ty.

II. Tö­leg­li esas­da:
1. Aý­dym aýt­mak sun­ga­ty (wo­kal).
2. Bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty.
3.Hor di­riž­ýor­ly­gy.
4. Saz mu­gal­lym­çy­ly­gy.

Ýörite sazçylyk mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Ýörite sazçylyk mekdebiniň hore­og­ra­fi­ýa sun­ga­ty (halk tan­sy) hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň tans bölümini tamamlan, şeýle-de döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 2 ýyl işlän oglangyzlar kabul edilýär.
Ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Mary şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24 iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama(asyl nusgasy);

— sazçylyk bilimi barada resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýada) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 27-si, 29-y we 31-i
günlerinde Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde (Mary şäheri) geçirilýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

— hünär: sa­zyň ta­ry­hy we na­za­ry­ýe­ti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

— hünär: ho­re­og­ra­fi­ýa sunga­ty — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

— beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglary sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça bolsa Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet
dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Ma­ry­nyň Ýo­la­man Hum­ma­ýew adyn­da­ky ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Ma­ry ş., S.Ny­ýa­zow kö­çe­si, 25, tel.: 6-78-92, 6-91-70.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar