BILIM

Talyp-2022:Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býu­jet esa­syn­da:
1. Türk­men mil­li saz gu­ral­la­ry.
2. Üf­le­nip we ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry.
3. Sa­zyň ta­ry­hy we na­za­ry­ýe­ti.
4. Aý­dym aýt­mak sun­ga­ty (wo­kal).
5. Bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty.
6. Hor di­riž­ýor­ly­gy.
7. Saz mu­gal­lym­çy­ly­gy.
8. For­te­pia­no.
9. Ho­re­og­ra­fi­ýa sun­ga­ty.
10. Nak­gaş­çy­lyk.

II. Tö­leg­li esas­da:
1. Türk­men mil­li saz gu­ral­la­ry.
2. Halk saz gu­ral­la­ry.
3. Ki­riş­li saz gu­ral­la­ry.
4. Üf­le­nip we ka­ky­lyp ça­lyn­ýan saz gu­ral­la­ry.
5. Saz mu­gal­lym­çy­ly­gy.
6. For­te­pia­no.
7. Ho­re­og­ra­fi­ýa sun­ga­ty.
8. Nak­gaş­çy­lyk.

Ýörite sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabuledilýär. Ýörite sungat mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran oglan-gyzlar kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2022-nji ýylyň 11— 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— sazçylyk ýa-da çeperçilik bilimi barada resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin).

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde (Büzmeýin etraby) 2022-nji ýylyň iýul aýynyň 27-si, 29-y we 31-i günlerinde geçirilýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünär: sa­zyň ta­ry­hy we na­za­ry­ýeti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: ho­re­og­ra­fi­ýa sun­ga­ty; aý­dym aýt­mak sun­ga­ty (wo­kal) —
hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: nak­gaş­çy­lyk — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;
beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Giriş synaglary sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça bolsa Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw  dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Ahal we­la­ýat ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Büz­me­ýin et­ra­by,
Ar­ka­dag kö­çe­si,1, tel.:33-52-41.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Türkmenistanda halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça okuw sapaklaryny gurnar

Türkmenistanda Rumyniýanyň uniwersitetiniň şahamçasy açylar

Türkmenistan-ABŞ: «Fulbraýt» maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ösdüriler